Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary öz işine başlar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary öz işine başlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.Mejlisiň dowamynda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Wise-premýeriň bellemegine görä, ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynda ilata okuwçylar we talyplar üçin niýetlenen mekdep esbaplarynyň hem-de dürli görnüşli dokma önümleriniň giň görnüşi hödürlener. Şeýle hem mekdep harytlarynyň söwdasyny ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1-nji awgustdan başlamak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzy zerur harytlar bilen ýokary hilli üpjün etmegiň möhümdigini belläp, raýatlaryň islegleri we talaplary içgin öwrenilip, göçme söwda nokatlarynyň işini netijeli guramak barada degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmenistan welosport boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär
Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny hödürlär, olaryň hatarynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda bilim we diplomatiýa ulgamlaryna degişli täze başlangyçlar bilen çykyş eder