Türkmenistanda 2024-nji ýyldaky ilkinji bäbek Arkadag şäherinde dünýä indi

Türkmenistanda 2024-nji ýyldaky ilkinji bäbek Arkadag şäherinde dünýä indi

2024-nji ýylyň ilkinji pursatlarynda Türkmenistanyň Arkadag şäherinde täze ýylda ýurt boýunça ilkinji bäbek dünýä indi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurtda täze ýyldaky ilkinji bäbek Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň maşgalasynda dünýä indi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doglan bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.

Çaganyň agramy 4 kilogram 230 gram we boýy 54 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, onuň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly. Çaga we enesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri geçirilýär.

Yzgantly Kakageldiýewler täze ýylyň ilkinji pursatlarynda öz maşgalalarynda ogul perzendiň dünýä inmegini döwletliligiň, rowaçlygyň, sagdynlygyň we dowamat-dowamlylygyň nyşany hasaplaýarlar. Şatlykly waka mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu bagtyýar maşgala iberen ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, gutlaglar aýdyldy.

Çagajygyň ata-enesi, 8 we 6 ýaşyndaky beýleki iki oguljyklary bilen birlikde, täze doglan üçünji perzentlerini-de Watana wepaly, il-güne gerekli adam edip ýetişdirmek ugrunda terbiýelejekdiklerini aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi
Türkmenistanyň häkimiýetleri uçurymlar üçin “soňky jaňy” baýram etmek maksatnamany düzdiler
Soňky jaň dabarasy we Aşgabadyň güni mynasybetli çäreler geçiriler