Atamyrat Nyýazow adyndaky 22-nji motorly atyjylyk diwizisýasynyň (ozalky sowet 58-nji MAD) ofiserlerini yslamyň däp bolmadyk ugruny ýaýratmakda günälediler. Iş birnäçe madda boýunça, şol sanda konstitusion gurşuşa kast etmek we gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary esaynda gozgaldy.
Ýörite gulluklar aprel aýynyň aýagynda Serdar (ozalky Gyzylarbat) şäherindäki harby bölümde derňewe başladylar. “Türkmenistanyň Hronikasyna” mälim bolmagyna görä, derňew we sud netijesinde uly we kiçi ofiserler düzümine degişli bolan 12 adam 10 ýyldan 15 ýyla çenli aralykda türme tussaglygyna höküm edildi. Başga bir maglumata görä, olara 18 ýyldan 23 ýyla çenli türme tussaglygy berildi.
Derňew gulluga täze alnan esgeriň şikaýaty esasynda başlandy. Harby bölümiň öňden gulluk edip ýören esgerleri täze gelen esgeri goşaryndaky alajany aýyrmaga mejbur edipdirler. Oňa, eger göz degmezlik üçin dakynýan alajasyny aýyrmasa, temmi beriljegi aýdylypdyr.
Ýaş esgere bu hili zatlaryň musulman kadalaryna gabat gelmeýändigini düşündiripdirler we agşamlaryna ýygnaga barmalkydygy, ol ýerde rota komendiriniň hakyky yslam barada gürrüň berýändigini duýdurypdyrlar.
Başlanan derňew netijesinde 70-den gowrak adam, şol sanda ýönekeý esgerler hem tussag astyna alnypdyr. Tussag edilen esgerleriň köpüsi gullugy dowam etdirmek üçin türkmen-owgan serhedine iberilipdir. Tassyklanmadyk maglumata görä, ýönekeý esgerleriň 10-a golaýy tussag edildi.
Ofiserleriň birnäçesi harby çinlerinden we sylaglaryndan mahrum edildi, emma türme tussaglygyndan gutuldy.
TH-nyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, öňüni alyş çäresi hökmünde, harbylaryň irki hatara duruşlary mahalynda türkmen goşunynyň hatarlarynda amala aşyrylan ol ýa-da beýleki jenaýatlar, günäkärlere berlen jezalar baradaky maglumatlary okaýarlar.