Türkmenistanda guşçulyk toplumy ösdürilýär

Türkmenistanda guşçulyk toplumy ösdürilýär

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Röwşen Rahym” daýhan hojalygynyň döwrebap guşçulyk toplumynda häzirki wagtda towuklaryň jemi 92 müň sanysy idedilýär.

“Watan habarlary” gepleşiginde penşenbe güni habar berlişi ýaly, bu ýerde towuklary iýmlemek, suw bermek, arassaçylyk işleri doly awtomatik usulda alnyp barylýar. Toplumda towuklar iki wagtyna iýmitlendirilip, olaryň hersi 90 hepdäniň dowamynda 400 sany ýumurtga bermäge ukyplydyr.

Guşçulyk toplumynyň ýyllyk kuwwaty 30 million ýumurtga öndürmäge ukyplydyr. Towuklaryň saklanýan ýerleri ortaça 24 gradus derejede saklanylýar. Ketekleriň içi gyzan ýagdaýynda ýöriteleşdirilen radio torlary we howa sorujy perleri arkaly howanyň gradusy sazlanylýar.

Toplumda saklanýan jüýjeleriň ketekleriniň içi 35-36 gradus ýylylyga çenli gyzdyrylýar. Ýaş jüýjeler 90 günlük bolanlarynda ýörite keteklere geçirilýär. Olar 20 hepdelik bolanlarynda agramlary 1 kilogramdan ýokary bolup, ýumurtga bermäge ukyply bolýarlar.

Kärhanada bar bolan towuklaryň 94%-i ýumurtga berýär we alynýan her bir ýumurtganyň ortaça agramy 60 grama barabardyr. Toplumda towuklaryň esasy iýmiti esasan-da soýa, mekgejöwen, däne gatyşykly bugdaý, az mukdarda arpa we bugdaý kepeginden taýýarlanylýar. Kärhanada idedilýän towuklara dürli kesellere garşy yzygiderli sanjym işleri geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Röwşen we Mary deri - aỳakgap türkmen kompaniýalary Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionaty 2023 üçin ýörite aýakgap toplumyny döretdiler
Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy
Aşgabatda Arkaç atly täze söwda-dynç alyş merkezi açyldy
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýaponiýada iş ýeriňde rahat irkilmek üçin ellik-ýassygy oýlap tapdylar
Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular