Türkmenistanda gyt harytlaryň nobatynda basa-baslyk döreýär

Türkmenistanda unuň, ýagyň we çilimiň gytçylygy dowam edýär.

Aşgabadyň etegindäki Abadan (ozalky Büzmeýin) şäheriniň merkezi bazarynda arzan bahadan satylýan unuň nobatynda aýallar aýakgaplaryny, ýaglyklaryny we el sumkalaryny ýitirýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Ýag nobaty, Awgust, 2018.

Kilogramy 1 manatdan satylýan ýerli un henizem gyt haryt bolmagynda galýar.Döwlet dükanlaryna ony her gün getirmeýärler we öňünden bakynda geljek un barada habar bermeýärler. Şu sebäpden adamlar nobata ir ertirden durýalar.

Emma haçanda unly maşyn gelip, söwda başlanda, nobat hakynda eýýäm hiç kim pikir etmeýär.Iň güýçlüler we dogumlylar öňe sümýärler, gowşagraklar bolsa, köplenç diňe unsuz galman, eýsem dyknyşykda şahsy zatlaryny: ýaglyklaryny, başgaplaryny, sumkalaryny we hatda köwüşlerini hem ýitirýärler.

Gazagystandan getirilen un dükanlarda ýeterlik mukdarda satylýar we onuň üçin nobat ýok. Emma onuň kilogramy 9 manantdan satylýar.

Bu hili ýagdaý köplenç “Ahal” ýagynyň we çilimiň nobatlarynda emele gelýär.

Mysal üçin, Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasyndaky azyk dükanynda gyt harytlary satyp başlanlarynda, erkekler haýatdan böküp, dükana ýeňseki gapysyndan girmäge çalyşýarlar. Köplenç adamlar ýumruklaşmaga çenli baryp ýetýärler, ýogsa oba uly däl we adamlaryň hemmesi bir-birini tanaýar. Netujede, aýallaryň aglabasy hiç zat alyp bilmän galýar.

Bize 8-nji marta 60 manat bermän, oňa derek bir halta un bilen 10 litr ýag berseler gowy bolardy diýip, nobat depeşeginde bir aýakgabyny ýitiren aýal degişdi.

Ýene degişli makalalar

Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň prezidenti sentýabrda geçjek sport çärelerini we awtorallini açdy (foto)
14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi
Uzak ýagan ýagyşdan soň Kopetdagyň etegindäki obalary sil basdy
25.10.2018 | Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi
Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi