Uzak ýagan ýagyşdan soň Kopetdagyň etegindäki obalary sil basdy

Türkmenistanyň günortasynda 5-nji oktýabrda ýagyp başlan dowamly ýagyşlaryň yzy kesilmeýär. Ýagyş suwy ýollary basyp, obalaryň ekin meýdanlaryny gark etdi we Köpetdagyň etegindäki obalara sil gelmegine sebäp boldy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Gökdepe etrabynyň Ýaňgala, Sekizýap obalary düýpli zyýan çekdi, Garrygala, Köneskesir we Kruždeý obalary bilren aragatnaşyk kesildi.

Sil netijesinde hojalyk jaýlarynyň köpüsi, bal ýataklary, towuk ketekleri we beýlekiler weýran boldy. Käbir jaýlaryň awariýa-heläkçilik ýagdaýyna düşendigi habar berilýär. Ýaşaýjylar beýle jaýlary terk etmäge we wagtlaýyn garyndaşlarynda ýa-da goňşularynda düşlemäge mejbur boldular.

Pida bolanlar barada maglumat ýok.

Häzirki wagtda sil suwy zerarly ejir çeken ilatly nokatlarda adamlary, olaryň emlägini halas etmek üçin ýerli häkimiýetler tarapyndan hiç bir adatdan daşary çäre görülmeýär.

Belleýäris, ýurduň günortasyndaky dag eteginiň ilaty dowamly ýagan ýagyşlardan soň gelýän sil suwlaryndan köp ejir çekýär.

Emma häkimiýetler adamlary halas etmek we tebigy hadysalary öňünden duýdurmak boýunça ýeterlik çäre görmeýärler. Ýerli metbugat bu hili hadysalar barada hiç bir maglumat bermeýär.

Ýöne şeýle tebigy hadysalardan paýtagt zyýan görse welin, işden aýrymak we käýinç bermek çäreleri hökman görülýär.Mysal üçin, şu ýylyň maýynda Aşgabady ýagyşdan soň gelen sil suwy basdy. Şondan iki gün soň prezident “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, goranmak ministriniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça orunbasaryny, podpolkownik Orazmämmedowy wezipesinden boşatdy.

7-nji oktýabryň howa maglumaty

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ylmyň gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň prezidenti sentýabrda geçjek sport çärelerini we awtorallini açdy (foto)
14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi
25.10.2018 | Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi
Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi