Türkmenistanyň prezidenti sentýabrda geçjek sport çärelerini we awtorallini açdy (foto)

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy fewralda Türkmenabatda, Lebap welaýatynyň adminstratiw merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly” sport ýaryşlaryna badalga berdi. Dabaraly çärelere ýurduň ýolbaşçy agzalary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Çäre ýeňil atletikaçylaryň Türkmenabadyň baş köçesinden Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça geçirilýän estafetasy bilen açyldy.Estafetanyň başky böleginde döwlet baştutany elinde nusgalaryny elin tassyklan estafeta taýajygyny tutup ylgady. Ýeňil atletikaçylaryň yzy bilen welosiped ýaryşyna gatnaşyjylar peýda boldy” diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.

Soňra prezident “Amul-Hazar 2018” rallisiniň geçiriljek ýerine geldi, bu ýaryş 9-14-nji sentýabr aralygynda bäş tapgyrda geçiriler. Bu Amul Mary, Mary Derweze, Derweze Türkmen köli, Türkmen köli Ýaňgala, Ýaňgala Awaza tapgyrlaryndan ybarat bolar.

Rallä taýýarlygyň çäginde Pariž-Dakar rallisiniň iki gezek çempiony bolan Žan-Lui Şlesser Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaryş awtomobilini sowgat berdi, prezident öz täze maşynyny ogly Serdar bilen synagdan geçirdi.

1 of 8

Ýene degişli makalalar

26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanda ylmyň gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar
14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi
Uzak ýagan ýagyşdan soň Kopetdagyň etegindäki obalary sil basdy
25.10.2018 | Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi
Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi