Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodekse üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodekse üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Täze Kanun bilen 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi:

1) 1-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

3) maýyplygy bolan adam dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolanda onuň beýlekiler bilen deň derejede jemgyýetiň durmuşyna doly we netijeli gatnaşmagyna päsgel berip biljek durnukly beden, psihiki, akyl taýdan ýa-da duýgurlyk bozulmalary bolan adam;;

2) 30-njy maddanyň mazmunynda: birinji bölegiň 1. san belgisini aýyrmaly; 1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli: 1) harby gullukçylaryň harby gulluk we içeri işler edaralarynyň gullukçylarynyň gulluk döwürlerine;;

3) 31-nji maddada: adynda we bäşinji bölekde degişlilikde Harby we harby diýen sözlerden soň we içeri işler edaralarynda diýen sözleri goşmaly; birinji bölekde: birinji tesimde harby diýen sözden soň we içeri işler edaralarynda diýen sözleri goşmaly; 4-nji bentde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Döwlet feldýegerçilik gullugynda diýen sözleri döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynda diýen sözlere çalşyrmaly; dördünji bölekde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Döwlet feldýegerçilik gullugynyň diýen sözleri Döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynyň diýen sözlere çalşyrmaly we harby diýen sözi aýyrmaly;

4) 114-nji maddanyň birinji böleginiň 14-nji bendinde , simli radio nokadyny diýen sözleri aýyrmaly we telefon, radio nokady diýen sözleri öý telefony diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 115-nji maddanyň birinji böleginde: 9-njy bentde we simli radio nokadyny diýen sözleri aýyrmaly; 10-njy bentde we simli radio nokadyny diýen sözleri aýyrmaly we telefon, radio nokady diýen sözleri öý telefony diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 116-njy maddanyň 3-nji bendinde, 117-nji maddanyň 2-nji bendinde we 118-nji maddanyň 4-nji bendinde we simli radio nokadyny diýen sözleri aýyrmaly;

7) 122-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde: a kiçi bendiň üçünji tesiminde we simli radio nokadyny mugt geçirmek we оlardan diýen sözleri mugt geçirmek we оndan diýen sözlere çalşyrmaly; b kiçi bendiň ikinji tesiminde we simli radio nokadyny diýen sözleri aýyrmaly we telefon, radio nokady diýen sözleri öý telefony diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 150-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: 3. Maýyplygy bolan adamlara öz ýaşaýan ýerleriniň golaýynda ulag serişdelerini we olaryň ýörite hereket ediş serişdelerini saklamagy üçin şertleri döretmek ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar..

Täze Kanun şu gün "Türkmenistan" we "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetlerinde türkmen we rus dillerinde çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýärler
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kadalaşdyryş-hukuk binýady kämilleşdirilýär
Türkmenistanda telekeçiler bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy
Ýewropa aýallary we maýyplary Aýa iberýär
Lebapda döwletden kömek pullaryny almak hukugyna eýe bolmak üçin nobatlar döredi