Türkmenistanda Itçilik we kinologiýa işi hakynda täze Kanun güýje girdi

Türkmenistanda Itçilik we kinologiýa işi hakynda täze Kanun güýje girdi

Şu gün Türkmenistanda Itçilik we kinologiýa işi hakynda täze Kanun güýje girdi. Kanun türkmen dilinde Türkmenistan we rus dilinde Нейтральный Туркменистан gazetlerinde çap edildi. Täze Kanun jemi 9 bapdan, 42 maddadan ybarat.

Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) döwlet syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, itçilik we kinologiýa işi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek;

2) itçilik we kinologiýa işi babatda hünärli işgärler bilen üpjün etmek;

3) itleriň aýry-aýry tohumlaryna halkara we daşary ýurt standartlarynyň Türkmenistanyň çäginde hereket etmegini togtatmak ýa-da gadagan etmek;

4) türkmen alabaý itlerini we beýleki tohum itleri degişlilikde Döwlet tohumçylyk kitabynda we Tohum itleriň döwlet sanawynda hasaba alynmagyny üpjün etmek;

5) türkmen alabaý itlerinden we türkmen tazy tohum itlerinden başga itleriň hilini gowulandyrmak maksady bilen, jynsy tarapdan çaknyşdyrmaklyga degişli bolan itleriň tohumlaryny kesgitlemek;

6) tohum itçiligini döwlet tarapyndan höweslendirmek, itleriň seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlarynyň genofonduny gorap saklamak;

7) itleriň saglygynyň kadaly ýagdaýda bolmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek we degişli weterinariýa hyzmatlaryny üpjün etmek;

8) itçilik we kinologiýa işi babatda ekologiýa, zootehniki hem-de weterinar-sanitariýa talaplaryny berjaý etmek;

9) itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, bu çygyrda bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini üpjün etmek;

10) itçilik we kinologiýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

Täze Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryly býujet işgärlerinden döwletiň ýeralma borçnamasy üçin pul tabşyrmak talap edilýär
Kamalwandi: Ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýurduň zerurlygynyň özenidir
Dünýäniň iň uly tohum ammary
Bedewlerimiz toýlarymyzyň bezegi
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi: häkimlere anyk tabşyryklar berildi
Türkmenistana Russiýadan bugdaýyň ýokary hasyl berýän sortlary uly mukdarda getirilýär