Türkmenistana Russiýadan bugdaýyň ýokary hasyl berýän sortlary uly mukdarda getirilýär

Türkmenistana Russiýadan bugdaýyň ýokary hasyl berýän sortlary uly mukdarda getirilýär

Şu ýyl Mary welaýatyna Russiýa Federasiýasyndan satyn alnan Alekseiç we Bezostaýa bugdaý tohumlarynyň 1000 tonnadan gowragy gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.

Ekerançylar üçin ozaldan tanyş bolan ýokary hasyllylygy, sowuga we guraklyga çydamlylygy, kesellere we ýykylma durnuklylygy bilen tapawutlanýan bu bugdaý tohumlarynyň jemi 6 müň tonnasy gelmeli. Tohumlaryň bu görnüşleri hemme etraplarda, jemi 35 müň 500 gektar meýdana ekiler.

Bugdaý tohumlarynyň şeýle giň möçberde täzelenmegi oňat gögerişiň alynmagyny we hasyllylygyň ýokarlanmagyny kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gallam bar gaznam bar
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Ahal welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlara ýokary derejede ideg edilýär
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Kosmos ykdysadyýeti ösýär