Türkmenistanda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi

Türkmenistanda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi.

Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynda:

1) S.A.Nyýazow adyndaky etrapda:

a) etrabyň hem-de onuň Nyýazow şäheriniň atlary üýtgedilip, olara Şabat ady dakyldy;

b) Gülüstan şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Sadylla Rozmetow adyndaky ady dakyldy;

2) Gurbansoltan eje adyndaky etrapda:

a) Gurbansoltan eje adyndaky şäheriň ady üýtgedilip, oňa Andalyp ady dakyldy;

b) Päkize şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Rejepguly Ataýew adyndaky ady dakyldy;

ç) Altyn asyr geňeşliginiň Atamyrat aga obasynyň ady üýtgedilip, oňa Galalygyr ady dakyldy;

3) Akdepe etrabynda:

a) Ataýap şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky ady dakyldy;

b) Atçapan geňeşliginiň Azatlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Bereketli ady dakyldy;

ç) Mollanepes adyndaky geňeşligiň Garaşsyzlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Täzemekan ady dakyldy;

d) Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Galkynyş obasynyň ady üýtgedilip, oňa Baglyk ady dakyldy;

e) Sähra geňeşliginiň Gurbansoltan eje adyndaky obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýeketut ady dakyldy;

4) Boldumsaz etrabynda:

a) Almalyk geňeşliginiň Babadaýhan obasynyň ady üýtgedilip, oňa Sähra adyny; Derýalyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Gülzar adyny; Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýalkym ady dakyldy;

b) Aşgabat geňeşliginiň Döwletli obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýüpek ýoly ady dakyldy;

ç) 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýagty ýol adyny; Berkararlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Agzybirlik ady dakyldy;

5) Görogly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşliginiň ady üýtgedilip, oňa Bedirkent ady dakyldy;

6) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda:

a) Akjadepe şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Aşyr Kakabaýew adyndaky ady dakyldy;

b) Gurbansoltan eje adyndaky geňeşligiň ady üýtgedilip, oňa Gyzyljagala ady dakyldy;

ç) Gallaçy geňeşliginiň Saparmyrat Nyýazow adyndaky obasynyň ady üýtgedilip, oňa Gallaçy ady dakyldy;

Lebap welaýatynda:

1) Saýat etrabynda:

a) Tejribeçiler geňeşliginiň ady üýtgedilip, oňa Çarbagdepe ady dakyldy;

b) Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň ady üýtgedilip, oňa Lebapoba ady dakyldy;

ç) Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň ady üýtgedilip, oňa Bagtyýarlyk ady dakyldy;

2) Çärjew etrabynda:

a) Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Rowaçlyk ady dakyldy;

b) Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ak altyn ady dakyldy;

ç) Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň ady üýtgedilip, oňa Magtymguly Pyragy ady dakyldy;

3) Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Abadan ady dakyldy;

4) Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Çarşaňňy adyny; Ýaşlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Balh ady dakyldy;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň ady üýtgedilip, oňa Bagçylyk ady dakyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanda käbir etraplaryň, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň atlary üýtgediler
Oba hojalygynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy oba hojalykçylary "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglady