Türkmenistanda köp çagaly maşgalalar üç ýylda 150 müň manatdan gowrak alyp biler

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalar üç ýylda 150 müň manatdan gowrak alyp biler

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, çagany dünýä indirende enelere berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyrylar. Degişli üýtgetme 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.

Öň, maşgalada dördünji çaga doglanda döwlet tarapyndan kesgitlenen binýatlyk möçberiň 500% tölegi tölenýärdi. Indi bäşinji çaga doglanda — 600 göterime; altynjy çaga doglanda — 800 göterime; ýedinji çaga doglanda — 1000 göterime; sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda — 1200 göterime çenli töleg tölener.

Türkmenistanda döwlet kömek pullarynyň binýatlyk möçberi 2021-nji ýyldan başlap 354 manat möçberde kesgitlenilipdi.

Indiden beýläk Türkmenistanda sekizinji çaga doglandan soň, enelere çaga üç ýaşa ýetýänçä her aýda 4 müň 248 manat tölener. Üç ýylyň içinde sekiz çagany dünýä indiren eneler 152 müň 928 manat alyp bilerler. Bu möçber döwlet kömek pullarynyň binýatlyk möçberiniň artdyrylmagy hasaba alynmazdan şeýledir.

Şeýle hem sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren eneler pensiýa 52 ýaşynda çykyp bilerler. Bu durmuş goraglylygy hakynda Kodeksde öňki kesgitlenen ýaşdan iki ýyl irdir.

Ýene degişli makalalar

Gypjak dili döwründe ýazylan eserler
Aşgabadyň maýyp ýaşaýjylary ýetip gelýän baýramlarda 2 dollarlyk sowgatlar beriljekdigi baradaky myş-myşlar sebäpli, güwänamalar ýygnaýarlar
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi
Aşgabatda agyz suw işgärleriniň aýlyklary we döwlet kömek pulunyň möçberi duýdansyz kemeldildi
Türkmenistanda hossarsyz galan çagalaryň pensiýalarynyň möçberleri ýokarlandyrylar
Özbegistanda prezident saýlawlarynda ses berlişik başlandy