Türkmenistanda Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni bellenilýär

Türkmenistanda Milli bahar baýramy  Halkara Nowruz güni bellenilýär

Türkmenistanda Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni giň gerimde toýlanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Merdana ata-babalarymyz ýylyň rysgal-berekedini Nowruzyň düşümli gadamy — ýagyş-ýagmyryň topraga bol ýagmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar. Alabaharda ýagýan nur-ýagyşlar sahawatly sähramyzy, gözel ýaýlalarymyzy, keremli daglarymyzy bahar paslynyň gaýtalanmajak gözelligine besleýär. Topragymyzyň berekedi artyp, al-elwan gül-gülälekler, bagy-bossanlyklar türkmen tebigatynyň görküne görk goşýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

“Bu gün bedew batly Bitarap döwletimizde Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň folklor-tans çykyşlary, şahyrlarymyzyň okaýan goşgulary Nowruz nagmalary bolup, bagtyýar halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerinde dürli dabaraly çäreler, sergiler we konsertler guralýar.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizilen Nowruz baýramy Bahar paslynyň gelendigini we tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

NOWRUZ ÖWÜŞGINLERI
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Raýatlar "Mekdepdäki döwlet dilegçiliginden kime arz etmeli?" diýip soraýarlar
NOWRUZ GELDI, GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI
GADYMYÝETDEN GÖZBAŞ ALAN NOWRUZYM
MILLI BAHAR BAÝRAMY- KÖŇÜLLERIŇ AÝDYMY