NOWRUZ GELDI, GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybentli Nowruz geldi, güle besläp dünýäni ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli bahar baýramy täzelenişiň, jebisligiň, agzybirligiň, parahatlygyň baýramydygy, 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde bellenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY
AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY, DIÝARYM!
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY