Türkmenistanda Moskwanyň uly döwlet sirki döredijilik saparynda bolýar

Türkmenistanda Moskwanyň uly döwlet sirki döredijilik saparynda bolýar

10-njy dekabrdan bäri Moskwanyň uly döwlet sirkiniň sungat işgärleri Aşgabatda döredijilik saparynda bolýarlar.

Wernadskiý şaýolundaky Moskwa sirki meýilnamasy boýunça rus artistleri bu ýerde bir aýlap döredijilik çykyşlaryny görkezerler.

MIR 24-iň berýän habaryna görä, Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ähli topary Aşgabatda ilkinji gezek çykyş edýärler.

Biz ýaňy geldik, mundan ozal Täjigistanda saparda bolduk. Türkmen halky örän mylaýym, ýakymly, şonuň üçin hemme zat gowy bolar diýip umyt edýärin diýip, Moskwanyň uly döwlet sirkiniň artisti Boris Nikişkin gürrüň berýär,

Howa gimnastikasy boýunça türgenler Witaliý we Darýa Zaýesiň maşgalasy hem türkmen tomaşaçylary üçin ajaýyp çykyşlary görkezmegi söz berýärler.

Çykyşymdan diýseň hoşal, tomaşaçylar gaty ajaýyp, haladym, hemmeler bizi gowy garşyladylar diýip, artist Darýa Zaýes öz täsirlerini paýlaşdy.

Moskwa sirki Türkmenistana iň gowy sahnalaryny getirdi: akrobatlar, masgarabazlar, jigitler, tälim berlen haýwanlar. Şeýle hem isleg bildirýänler olar bilen surata düşüp bilerler.

Biz bu ýere Russiýanyň medeniýetini aňladýan nusgawy rus sirkini getirmedik. Has döwrebap sahnalary getirdik diýip, Witaliý Zaýs aýdýar.

Moskwaly artistleriň çykyşyna Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri hem goşulşarlar. Çeşmäniň belleýşi ýaly, tomaşanyň ahyrynda rus we türkmen sungat işgärleri bir meýdançada çykyş ederler.

Ozal Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Türkmenistanda etjek çykyşlary boýunça maglumatlaryň peýda boldandygy barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Aşgabatdaky döredijilik sapary tamamlandy
Türkmenistanly türgen gyz suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda iki medal gazandy
Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Daşkentde 7 medal gazandylar
Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar
Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar
Immuniteti ýokarlandyrýan önümler