Türkmenistanda nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçysy çalşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebit-gaz toplumynda alnyň barylýan işleriň netijeleri baradaky hasabaty diňläninden soň wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýewi wezipesinden boşatmak kararyna geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, bu toplumyň başlygyny çalyşdy, ýagny Kaýaewiň ornuna Maksat Babaýewi belledi.

M.Babaýew mundan öň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy bolup işleýärdi. TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Ý.Kakaýewiň tejribesini “Galkynyş” käninden beýleki ugurlar boýunça esasy gaz geçirijileriň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak babatdaky işlerde peýdalanmak baradaky karara geldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
GARAKÇYLAR GAÝDYP GELÝÄR
Transfer täzelikleri
“Harby güýjüne buýsanýan käbir ýurtlaryň Siriýany göreş meýdanyna öwürmegi biynjalyk edýär”
Ryza Kaýaalp altyn medalyň eýesi boldy