Türkmenistanda raýatlara Buýanly çörek önümleri hödürlenilýär

Türkmenistanda raýatlara Buýanly çörek önümleri hödürlenilýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde soňky ady agzalan ministrligiň çörek önümleriniň Bereketli söwda merkezi tarapyndan halk köpçüligine Buýanly çörek önümi hödürlenilýär. Çörek we çörek önümleri adamlaryň gündeki azygy bolup, olaryň süňňüni gerekli bolan mikroelementler, makroelementler, witaminler, iýmit süýümi bilen baýlaşdyrýar.

Elbetde, adam çörek bilen günüň dowamynda özi üçin zerur bolan gerekli maddalaryň öwezini doldurýar.Düzüminde buýan köküniň ekstrakty bolan çöregi iýmek bilen, buýanyň düzümindäki glisirrizin turşusynyň süňňüne barmagyna ýardam berýär we immun ulgamyny berkidýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglyk Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha ýaýbaňlanýar. Şol işleriň çäginde tebigy çig maldan ýerli derman serişdeleriniň önümçiliginiň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.

Ilaty we bejeriş edaralaryny ýokary hilli derman serişdeleri bilen üznüksiz üpjün etmekde Türkmendermansenagat birleşiginiň kärhanalaryna möhüm orun degişlidir.Häzir Aşgabatda şäherinde hem-de welaýatlarda dermanhanalaryň ençemesi gije-gündizleýin hereket edýär.

Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada bellenilişi ýaly, Türkmendermansenagat birleşiginiň täze işe girizilen ammarlar toplumy bolsa derman serişdelerini ýerleşdirmek we saklamak üçin niýetlenen ýörite, döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy.

Türkmendermansenagat birleşiginiň Saglyk derman kärhanasy 150-ä golaý derman serişdesini öndürýär.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna buýan kökünden täze önüm — gerdejik derman görnüşli we zenjebilli buýanly şerbet öndürildi.

Saglyk derman kärhanasynda hem ekologik taýdan arassa, ýerli çig maldan önüm öndürilýär.Buýan köki şekerden 40 göterim süýjüdir.Lukmançylykda buýan köki gakylyk goparyjy, sowuklama garşy, böwrek-daş kesellerinde, immun ulgamyny berkitmekde giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzda buýan köküniň şiresi, süýri dänesi, melhem çaýy öndürilýär.

Türkmenistanda ösýän buýan köküniň düzümindäki glisirrizin turşusynyň COVID-19 ýokanjyna garşy bejerijilik häsiýetiniň bardygy anyklandy.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitet klinikasynyň Infeksiologiýa ylmy-barlag merkezi tarapyndan Buýan köküniň we onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermek häsiýeti barada ylmy-barlag işi alnyp barylýar.

Türkmenistanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin ýörite maksatnamalar, strategiýalar hereket edýär.Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi üçin hem-de dürli nesil yzarlaýan keselleriň öňüni almak maksady bilen, döwlet derejesinde nahar duzy ýodlaşdyrylýar.

Un demir bilen baýlaşdyrylyp, foliý turşusy bilen rençlendirilýär.Elbetde, döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän bu ugurdaky işleriň galkan şekilli mäziň dürli keselleriniň hem-de ganazlygyň öňüni almakda ähmiýeti uludyr.

Günüň dowamynda ýod bilen baýlaşdyrylan nahar duzuny 3 — 5 gram mukdarda ulanmak, adam süňňünde ýoduň zerur mukdarynyň bolmagyna ýardam berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi
Saglygym baýlygym
Türkmenistanda owal Covid-19 bejermäge teklip edilen buýan ekstrakty gatylan çöregi we mineral suwy çykarmaga başladylar
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi