Türkmenistanda şäherara demir ýol gatnawlary doly dikeldildi

Türkmenistanda şäherara demir ýol gatnawlary doly dikeldildi

Demirýollary AGPJ-nyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanda şäherara ýolagçy demir ýol gatnawlary täzede hereket edip başlady.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat we Türkmenbaşy —Türkmenabat — Türkmenbaşy ugurlary boýunça otly gatnawlary öňki tertibe gaýdyp geldi.

2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ýurtda ýolagçy otlylary Türkmenabat — Gazojak — Türkmenabat, Türkmenabat — Amyderýa — Türkmenabat we Mary —Serhetabat — Mary ugurlary gatnap başlar.

Türkmenistanda mart aýynda aýyndan başlap, Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat — Mary şäher, aprel aýyndan başlap bolsa Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat ugurlary boýunça arassaçylyk we sanitariýa talaplaryna laýyklykda, otly gatnawy ýola goýlupdy.

Demirýollary AGPJ-nyň resmi web sahypasynda, şeýle hem Android we iOS ulgamlar arkaly işleýän telefonlardyr planşetler üçin niýetlenen programmalar arkaly ýolagçy petegini onlaýn satyn alyp bolýar. Bu hyzmat ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we etraplarda işleýär. Hyzmaty ulanmak üçin internete girmek ýeterlikdir.

Otly gatnawlarynyň tertibi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Türkmenistan CO2 zyňyndylaryny azaltmak üçin Türkmenabat-Türkmenbaşy demir ýoluny elektrifisirlemegi niýet edýär
28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi