Türkmenistanda ýanwar aýyndan başlap zähmet haklary ýokarlandy

Türkmenistanda ýanwar aýyndan başlap zähmet haklary ýokarlandy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda her ýylyň ýanwar aýyndan başlap zähmet haklary ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap hem pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary ýene-de 10% ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 2022-nji ýylyň noýabr aýynda gol çekipdi.

Häzir Türkmenistanda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1 160 manat, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň iň pes möçberi 1 880 manat, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň iň pes möçberi 550 manat möçberde bellenildi. Pensiýalaryň ortaça möçberi 450 manada, döwlet kömek pullarynyň möçberi bolsa 430 manada barabardyr.

Çaga dünýä inendäki kömek puly 1 075 manatdan 5 160 manada çenli kesgitlenilýär. Bu mukdar maşgaladaky çagalaryň sanyna hem baglydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Pensiýa ýaşy ýokarlandyrylar
Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Hytaýa barar, Aşgabatda Rus kinosynyň hepdeligi dowam edýär, Türkmenistanda 2023-nji ýylda doglan ilkinji çaga Bagtyýar diýlip at goýuldy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy
Durmuş üpjünçiligi pugtalandyrylýar