Pensiýa ýaşy ýokarlandyrylar

Fransiýanyň Hökümeti 2030-njy ýyla çenli pensiýa ýaşyny ýene-de 2 ýaş artdyryp, 64 ýaşa ýetirmegi meýilleşdirýär. Ýurduň Premýer-ministri Elizabet Born bu özgertmeleriň maksadynyň 2030-njy ýyla çenli pensiýa ulgamynyň deňagramlylygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Fransiýanyň Hökümetiniň çaklamalaryna görä, ýurduň pensiýa gaznasynda 20 million ýewro barabar serişde ýetmezçiligi bar. Ýurduň ýolbaşçy düzümi bu ugurdaky işleri deňagramly derejede dowam etdirmek üçin iş alyp barýar.Täze özgertmelere görä, iň az pensiýa aýda 1200 ýewro bolar.

Gurbanguly GÖKOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
Fransiýanyň Premýer-ministri Wezipesinden Çekildi
Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi
Energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyny artdyrýar
Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady
Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär