Fransiýada Köçeler Dartgynlaşýar

Fransiýanyň paýtagty Parižde hormatly dynç alyşa çykma ýaşyny tapgyrlaýyn görnüşde 64-e ýetirmegi nazarda tutýan özgertmä garşy durýanlaryň guran protest aksiýasynda 120 adam saklandy.

Fransiýanyň Premýer-ministri Elizabet Bornyň hormatly dynç alyşa çykmagyň ýaşyny 62-den 64-e götermegi nazarda tutýan özgertme hakyndaky kanun taslamasyny sese goýmazdan kabul etmek hakynda karar kabul etmeginden soň, Parižiň ýany bilen ýurduň ençeme şäherinde özgertmä garşy durýanlar ýöriş geçirdiler.

Parižde Milli Mejlisiň ýanyndaky Konkord meýdanynda müňlerçe demonstrant jemlenşdi. Demonstrasiýada polis bilen protestçileriň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Demonstrantlar Parižiň köçelerinde işçileriň iş taşlamagy sebäpli üýşen zir-zibiller bilen ulaglary oda berdi we döwlet emläklerine zyýan berdiler.

Demonstrasiýalarda 120 adamyň saklanandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
Fransiýanyň Premýer-ministri Wezipesinden Çekildi
Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi
Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady
Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär
Energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyny artdyrýar
Pensiýa ýaşy ýokarlandyrylar