Türkmenistanda ylmyň gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar

Türkmenistanda ylmyň gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Analitiki himiýa, Organiki däl maddalaryň tehnologiýasy, Ýer gurluşy, ýerleriň kadastry we monitoringi, Geoinformatika, Geoekologiýa, Biotehnologiýa (şol sanda bionanotehnologiýa), Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň esasyndaky energogurnawlar, Ulgamlaýyn seljerme, informasiýany dolandyrmak we işlemek ýaly hünärler boýunça 9 aspirant, 4 ylymlaryň kandidaty we 2 sany doktorlyk derejesine dalaşgärler taýýarlanylýar. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.

Merkezde täze innowasion infrastrukturany döretmek maksady bilen, Tehnologiýalaryň transfer merkezi döredildi. Transfer merkezine ylmy-barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmegiň mümkinçiliklerine baha bermek, onuň strategiýasyny işläp düzmek, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini önümçilige ornaşdyrmak, intellektual eýeçilikden peýdalanmak hukugyny geçirmek, startaplary döretmek, maýa goýumlary çekmek, işewürlik inkubatorlary arkaly ýurdumyzda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri guwandyryjydyr. Ýerli çig mal serişdeleriniň (dolomit we bişofit) esasynda magniý oksidini we ýokary temperatura durnukly magneziý önümlerini almagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek atly ylmy-barlag işi boýunça himiki usul bilen dolomitden magniý oksidini almagyň mümkinçilikleri öwrenilip, alnan magniý oksidiniň himiki düzümi seljerildi.

Bitum desgasynda emele gelýän wakuum-gazoýl fraksiýasyndan baza ýaglaryny almak atly ylmy-barlag işi boýunça barlaghana şertlerinde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan getirilen agyr wakuum gazoýl fraksiýasyndan ýeňil wakuum ýagyny almak üçin synaglar geçirildi. Alnan nusgalaryň fiziki-himiki görkezijileri kesgitlenildi.

Biotehnologiýanyň usullary arkaly nebitşlamly topraklary arassalamak hem-de barlaghana we tejribe önümçilik synaglaryny geçirmek atly ylmy-barlag işi boýunça-da netijeli işler alnyp baryldy.

Ýerli dermanlyk ösümliklerden biologiki işjeň maddalary bölüp almagyň usullaryny işläp düzmek atly ylmy-barlag iş boýunça çomujyň şepbik-sakyzynyň gury ekstraktyny almagyň usuly öwrenilýär. Eýýäm çomujyň sakyzynyň gury ekstraktyny almak üçin synaglaryň birnäçe tapgyrlary ýerine ýetirildi. Häzir alnan külkäniň klinikadan öňki barlaglary geçirilýär.

Uglerod nanoturbalaryny ýerli çig mallardan sintezlemegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek atly ylmy-barlag işi boýunça ýerli çig mallardan alynýan uglerod nanoturbalarynyň çykymyny artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak üçin dürli katalizatorlary ulanmaga degişli ylmy-barlag işleri geçirilýär. Nebitiň koksundan alnan nusgalaryň mikroskopik barlaglary geçirilip, himiki-fiziki häsiýetleri kesgitlendi. Uglerod nanoturbalarynyň dugaly toguň kömegi bilen alnyşynyň usulyýeti öwrenildi.

Altyn asyr Türkmen kölüniň täsir edýän çäklerinde dörediljek täze ekologiýa zolaklarynda suw we energiýa üpjünçiligi üçin ýerli tebigy serişdeleri peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek atly ylmy-barlag iş boýunça Garagum sährasynda döredilýän ekozolaklarda ýerli suwy, ýeli, Güni, çägäniň ýylylygyny we biomassalary ýerlikli ulanmak maksady bilen, bar bolan mümkinçiligi öwrenmek üçin ylmy-seljerme işleri alnyp baryldy. Şeýle hem kölde ösýän suwotularyny ýerli organiki galyndylar bilen toplumlaýyn ulanmak arkaly gaz görnüşli alternatiw ýangyjy öndürmegiň biotehnologiýasynda bolup geçýän hadysalar seljerilip öwrenildi.

Merkezde energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.Olardan Alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyryp, ikilenç serişdeleri peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek atly ylmy-barlag işini görkezmek bolar. Şeýle hem senagat zyňyndysy bolan kömürturşy gazyny ýurdumyzdaky 16 howdanda we Altyn asyr Türkmen kölüniň şor suw akabalarynyň ugrunda ýerleşen 12 kölde bir öýjükli suwotulary ýetişdirmekde peýdalanyp, ondan oba hojalyk mallary üçin iýmit, suwarymly ekerançylyk üçin bolsa dökün taýýarlamagyň senagatlaşdyrylan önümçiligini ýola goýmak mümkinçiliginiň uludygy aýdyňlaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy boýunça Kärhanalaryň maddy we beýleki önümçilik serişdeleriniň sarp ediliş kadalar ulgamyny kämilleşdirmek atly ylmy-barlag işi boýunça ýurdumyzyň kärhanalarynyň maddy we beýleki önümçilik serişdeleriniň sarp ediliş kadalaryny işläp taýýarlamakda ulanylýan ylmy-tehniki maglumatlar öwrenildi.

Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy boýunça birnäçe ylmy-barlaglar alnyp barylýar.Enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň ygtybarly usulyýetini işläp düzmek atly ylmy-barlag işi boýunça olaryň uzak aralyga (LoRa, GPRS) we ýakyn aralyga (Wi-Fi, ZigBee, Bluetooth) geçirmegiň beýanlarynyň kömegi bilen maglumatlary daşarky gurluşlara bermegiň mümkinçilikleri öwrenildi.

Biri-biri bilen aragatnaşykda bolan gurluşlary torda hasaba almak üçin öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň torlary ulanyldy.

Topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek atly ylmy-barlag işi boýunça Ýeri uzak aralykdan zondirlemek arkaly alnan kosmos suratlarynyň üsti bilen suwarymly ýerleriň monitoringini amala aşyrmagyň usulyýetleri öwrenildi.

Tehnologiýalar merkeziniň alymlary we hünärmenleri tarapyndan şertnamalaýyn esasda alnyp barlan ylmy-barlag işleri, ýagny Buýan köküniň goýy ekstraktynyň goşulmagy bilen çörek we çörek-bulka önümlerini taýýarlamagyň usulyny (resepturasyny) işläp düzmegiň ylmy esaslandyrmasy atly ylmy-barlag işi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bereketli söwda merkezine; Kremniý karbidinden ýylmaýjy materiallary almagyň ylmy esaslary atly ylmy-barlag işiniň netijeleri Ülke hususy kärhanasyna; Granula görnüşindäki garyşyk NPS-döküni atly ylmy-barlag işiniň netijeleri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyna; oba hojalyk ekinleri üçin toplumlaýyn ulanylýan dökün — granulirlenen kükürt-bentonit öndürmegiň tehnologiki prosesini işe girizmek üçin tehnologiki reglament Hünärli doganlar hususy kärhanasyna; kombinirlenen biogoşundy Guş toplumy hojalyk jemgyýetiniň Alaça maldarçylyk toplumyna hem-de telekeçi Ý.S.Barabaşowyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala daýhan birleşiginde ýerleşýän Guşçulyk fermasyna; kompozit armaturalar bolsa Elektroulgamgurluşyk hojalyk jemgyýetinde önümçilige ornaşdyryldy. Çomujyň şepbik-sakyzy (asafetida) makalasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Dermanlary resmileşdirmek boýunça topary tarapyndan hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan merkeziň Ýody arassalamak üçin enjam, Nebit känini suwlandyrmak arkaly özleşdirmek usuly we Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini utgaşdyryp, gök önümleri ter saklamagyň tehnologiýasy atly ylmy işlerine oýlap tapyşyň çäklendirilen patentleri berildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän arheologik ýadygärlikleriň sanly interaktiw kartasy atly EHM üçin programmanyň, E-Doc elektron resminama dolanyşygy ulgamy atly EHM üçin programmanyň we Awtoulag nawigasion kartasynyň resmi bellige alnandygy barada şahadatnama alyndy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça öňde möhüm wezipeler goýuldy.Tehnologiýalar merkezinde amaly-ylmy işleriň geçirilmegine, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan pudaklaryň ylmy esasda ösdürilmegine we usuly kadalaryň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýat dörediler, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmek we tehnologik auditi geçirmek işleri ýola goýlar. Şeýle hem ylmy-innowasion işleriň netijeleri esasynda kiçi önümçilikleri, şol sanda biofabrika önümçiligini döretmegi ýola goýmak boýunça degişli işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.

Tehnologiýalar merkeziniň ähli barlaghanalary we bölümleri 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hojalyk hasaplaşygynda işläp başlady.Bu bolsa merkezde alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini ösen bazar şertlerine uýgunlaşdyrmaga, şol sanda onuň guramaçylyk görnüşini hojalyk hasaplaşygyndaky edara öwürmäge, zähmet, maliýe, maddy serişdeleri has netijeli peýdalanmaga, işewürler we maýadarlar bilen özara gatnaşyklary saklamaga, ylmy, taslama, inžener-tehnologik işleri diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň prezidenti sentýabrda geçjek sport çärelerini we awtorallini açdy (foto)
14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi
Uzak ýagan ýagyşdan soň Kopetdagyň etegindäki obalary sil basdy
25.10.2018 | Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi
Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi