Türkmenistandaky 70-den gowrak mekdepde rus dili synplary bar

Türkmenistandaky 70-den gowrak mekdepde rus dili synplary bar

Türkmenistandaky mekdepleriň 71-sinde rus diline ýöriteleşdirilen synplar hereket edýär. TASS-nyň habaryna görä, bu barada şu gün Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Wolodiniň pikiriçe, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda rus diliniň meşhurlygy artýar. Häzirki wagtda Russiýada 30 müň töweregi türkmen talyby okaýar. Şol bir wagtyň özünde, Wolodin Russiýanyň Türkmenistanda rus diline bolan jogarkärçilikli garaýşyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Häzir türkmen mekdepleriniň 71-sinde rus diline ýöriteleşdirilen synplar bar. A.S.Puşkin adyndakt türkmen-rus mekdebi bolsa medeni we gumanitar ugurda üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Biz geljekde bilelikdäki uniwersiteti döretmegiň üstünde hem iş alyp barýarys diýip, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy türkmen parlamentinde aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Rus Dumasynyň başlygy türkmen Mejlisinde çykyş etdi, özara gatnaşyklary taryplady
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Russiýa Hazar bäşligi ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär
Rus Dumasynyň başlygy türkmen Mejlisinde çykyş etdi, özara gatnaşyklary taryplady