Türkmenistandaky gaz ýataklarynyň suw arassalaýyş desgalary döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistandaky gaz ýataklarynyň suw arassalaýyş desgalary döwrebaplaşdyrylýar

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky Bagtyýarlyk şertnamalaýyn meýdançasynyň B blogunyň çäginde ýerleşýän Pirguýy gaz bekedindäki howuzlary bugardyjy kömekçi gurluşlary hem-de Bereketli gaz ýatagynda gatlaklardaky suw arassalaýyş desgаlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany düzmek, gerekli önümleri satyn almak, gurmak we işe girizmek boýunça №CIT-21049-SR belgili tender yglan etdi. Bu barada ýörite bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3

Ýene degişli makalalar

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynda umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurdurar
Türkmenistanly işewürler SITEX2024 sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
USAID-iň YDA Taslamasy TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar
Turkmenportal programmistler üçin boş iş orunlaryny yglan edýär
Türkmen telekeçileri halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar