Türkmenistanly türgenler adaty karate boýunça Polşada geçirilen halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler adaty karate boýunça Polşada geçirilen halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar

Türkmen türgenleri ýakynda Polşada adaty karate boýunça tamamlanan Krakow Kubogy atly halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar.Bu ýaryşa 14 ýurtdan dürli ýaşdaky 870-den gowrak türgen gatnaşdy. 12 13 ýaş aralygyndaky kiçi ýaşly gyzlaryň arasynda bürünç medala Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Medine Gaýlyýewa mynasyp boldy. 21 ýaşa çenli uly ýaşlylaryň arasynda bolsa şunuň ýaly üstünligi Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi we mugallymy Selim Myratdurdyýew gazandy.

Türkmen karateçileri üçin bu ýaryş geljekki ýokary derejeli ýaryşlara taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy.Adaty karate Okinawanyň ruhy ösüşe gönükdirilen goranmak boýunça ýerli söweş sungatydyr.Sport karatesinden tapawutlylykda, adaty karate ýaryşlary iň netijeli usullary görkezmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Halkara Olimpiýa Komiteti 200 agza ýurdy birleşdirýän Bütindünýä karate federasiýasyny (WKF) ýeke-täk karate guramasy hökmünde ykrar edýär.Karate ilkinji gezek 2021-nji ýylda Tokio Olimpiýa oýunlaryna goşuldy, şonda kumite (sparring) we kata (tehniki toplum) boýunça medallar ugrunda bäsleşildi. Ýöne şondan soň ol 2024-nji we 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamalaryna girizilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ýaşlaryň arasynda-da…
22.11.2017 | Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler
TDU-nyň ýygyndysy Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda toparlaýyn üstünlik gazandylar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri halkara matematika olimpiadasynda şowly çykyş etdiler
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde