Türkmenistanlylar halkara surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanlylar halkara surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Russiýanyň Medeniýet ministrligi, Russiýanyň Milletler federal agentliginiň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň Sekretariatynyň we Rus geografiki jemgyýetiniň Moskwa şäher bölüminiň guramagynda Ejeler we çagalar milli eşikde atly halkara surat bäsleşigi yglan edildi. Oňa türkmenistanly fotosuratçylar hem gatnaşmaga çagyrylýar-diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi Telegram kanalynda habar berildi.

Bäsleşigiň esasy maksady Russiýanyň we dostlukly daşary ýurtlaryň zehinli fotosuratçylaryň eserleriniň üsti bilen, halklaryň milli lybaslaryny, maşgala medeniýetlerini açyp görkezmekden, dürlüligi beýan etmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri bilen www.ethno-photo.com web sahypasynda dolulygyna tanşyp bilersiňiz.

Gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 25-nji sentýabryna çenli www.ethno-photo.com resmi web sahypasynda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi