Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýew, prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün — 16-njy ýanwarda 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Mälikgulyýew Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine 2022-nji ýylyň iýul aýynda bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Begmurat Muhamedow Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen barar