TÜRKMENISTANYŇ BMG BÝKM BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

TÜRKMENISTANYŇ BMG BÝKM BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodder bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki işlere gysgaça syn berildi, şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredilip geçildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunlukda, ynsanperwerlik ulgamyndaky howpsuzlygyň özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygy hem beýan edildi.

Türkmenistan BMG-niň bosgunlar hem-de apatridler boýunça esasy halkara-hukuk resminamalaryna gatnaşmak arkaly, bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny iş ýüzünde subut edýär, diýip W.Hajiýew belledi.

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara, raýatsyzlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek bilen, halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna özüniň saldamly goşandyny goşýar.

Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ugrundaky anyk hereketleri BMG BÝKM-niň 2014-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy boýunça on ýyllyk «I BELONG» global kampaniýasynyň çäklerindäki çagyryşyna doly laýyk gelýändir.

Türkmenistan şeýle-de BMG BÝKM-niň ugry boýunça dürli derejelerde geçirilýän gepleşiklere hem-de duşuşyklara yzygiderli gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl üçin göz öňünde tutulan Bilelikdäki işleriň Meýilnamasynyň çäklerinde ýaş nesliň hem-de hünärmenleriň bosgunlar we raýatsyzlyk bilen bagly meseleler boýunça habarlylygynyň ýokarlandyrylmagy we mümkinçilikleriň giňeldilmegi babatynda ähmiýetli işler ýerine ýetirildi.

Türkmen tarapy şeýle-de BMG BÝKM-niň wekilini 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylmagyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti germaniýaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Ženewada BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we BSG-niň sebit direktorynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Jeňow (1923-1995) 100 ýyllygy