Türkmenistanyň çäginde IRENA alternatiw energiýa tehnologiýalaryny synagdan geçirmek teklip edildi

Türkmenistanyň çäginde IRENA alternatiw energiýa tehnologiýalaryny synagdan geçirmek teklip edildi

Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanyp boljak alternatiw energiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin meýdança bolmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu baradaky teklibi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “Masdar” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň we BAE-nyň arasyndaky mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de saparyň çäklerinde “Masdar” kompaniýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow bilen gepleşikleri geçirdiler.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň IRENA-nyň edara binasy BAE-niň Masdar şäherinde ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen banky bilen Saud ösüş gaznasy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny maslahatlaşdy
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy ICIEC-iň müdiri bilen duşuşdy
Halkara maliýe guramalary Türkmenistanda ulag taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar
Sanly pul çykarylar
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär