Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar dürli derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň möhümdigini, şunda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar. Şeýle hem taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Şeýle-de Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki hyzmatdaşlygynyň we ýurtlaryň halkara meýdançalarynda ysnyşykly gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellendi.

Söhbetdeşler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler. Ulag, energetika we söwda gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar şu ýylda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly işlere ünsi çekdiler.

Parlament diplomatiýasynyň orny barada aýtmak bilen, söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
В САМАРКАНДЕ ПРОШЛА 6-Я МИНИСТЕРСКАЯ ВСТРЕЧА В ФОРМАТЕ ЦЕНТРАЛЬНАЯ АЗИЯ-РОССИЯ
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi