Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň Sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar umuman Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Türkmenistan bilen alnyp barylýan dialogyň häzirki derejesine baha berdiler.Hanym Guedar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen taslamalary barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň we edaralarynyň wekilleri üçin öňüni alyş diplomatiýasy, polemologiýa (uruş baradaky ylym), syýasy seljeriş ugurlary boýunça okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmäge gyzyklanma bildirildi.Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasanyň ähmiýeti hem-de halkynyň goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýaly üýtgewsiz gymmatlyklara ygrarlylygy bellenildi.Aşgabat saparynyň çäginde hanym Guedar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda geçirilen Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdy hem-de halkaraçy talyplar üçin okuw sapagyny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa — Hytaý formatynyň ýokary wezipeli işgärleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi