Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi

Düýn 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, döwrüň talabyna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmekde ýerine ýetirilen anyk işler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleriniň alnyp barylýan işler barada beren hasabatlary diňlenildi we olara anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary, hünär derejesini bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permanlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini hem-de bu işiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi