Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2024-nji ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ol Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada-da aýtdy.

Hasabatda Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, gurlup ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada hem habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda aýdyň beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi.

Döwlet Baştutany sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyny we Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň nazaryýet hem-de söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler.Hasabatlarda degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, olaryň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy, degişli Maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi, işgärleriň netijeli gullugy we göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny ilata düşündirmek babatda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Aşgabat şäherine täze prokurory wezipä bellemek baradaky degişli Permana gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi