Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn 3-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek baradaky resminamanyň taslamasy hem hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi