Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn 6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby ulgama döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
2 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi