Türkmenistanyň futbol çempionaty tamamlandy

28-nji tapgyryň duşuşyklary bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysynyň jemi jemlenildi.

Geçirilen bu tapgyrda “Nebitçiden” 2:0 hasabynda üstün çykan “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde 73 utuk toplady. Paýtagtymyzyň toparynyň bassyr ýedinji çempionlygyny çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda gazanandygyny bellemek gerek.

“Altyn Asyryň” hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew derwezelere geçiren 35 topy bilen çempionatymyzyň iň köp gol geçiren oýunçylarynyň sanawynda öňdäki orny eýeländigini ýatladýarys. Ol bu ugurda “Şagadamyň” oýunçysy Yhlas Magtymow (16 gol) bilen “Ahalyň” ýarym goragçysy Elman Tagaýewi (16 gol) yzda galdyrdy.

Tapgyryň çäginde ýene-de bir duşuşyk paýtagtymyzda oýnaldy. “Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşykda çempionatymyzyň kümüş medalynyň eýesi “Ahal” “Aşgabady” kabul etdi. Bu duşuşyk 1:2 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Çempionatymyzyň bürünç medalyny gazanan “Şagadam” hem bu tapgyrda ýeňiş gazandy. Aleksandr Klimenkonyň tälim berýän topary öz meýdanynda “Energetikden 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Tapgyryň çäginde geçirilen ýene-de bir duşuşykda “Merw” öz meýdanynda “Köpetdagy” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

28-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Altyn Asyr” “Nebitçi” 2:0

Gollar: 75 Welmyrat Ballakow, 87 (11 m.j.u.) Mihail Titow (“Altyn Asyr”)

Duýduryş: 56 Wekil Kadyrow (“Nebitçi”)

Meýdandan çykarylan: 85 Wekil Kadyrow, ikinji duýduryş (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

“Merw” “Köpetdag” 2:1

Gollar: 9 Amangeldi Saparow, 85 Pirmyrat Gazakow (“Merw”) 77 Elýas Akyýew (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 45+1 Azat Hojamuhammedow, 53 Amangeldi Saparow, 68 Perman Hallyýew (“Merw”) 1 Roman Galkin, 52 Ýazgylyç Gurbanow, 90 Elýas Akyýew (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Gurbanow (Aşgabat ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

“Ahal” “Aşgabat” 1:2

Gollar: 33 Elman Tagaýew (“Ahal”) 50 Şatlyk Gurbanow, 78 Daýanç Nuryýew (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 4 Serdar Annaorazow, 18 Mirza Beknazarow, 51 Gurban Annaýew, 77 Güýçmyrat Annagulyýew (“Ahal”) 10 Batyr Täçnazarow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

“Şagadam” “Energetik” 3:0

Gollar:26 Ýunus Orazmämmedow, 44 Yhlas Magtymow, 70 Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 20 Ýewgeniý Tkaçenko, 65 Ýunus Orazmämmedow (“Şagadam”) 60 Döwletmämmet Babaýew (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy XXVIII tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

28

23

4

1

79-17

73

2.

“AHAL” FK

28

17

4

7

54-29

55

3.

“ŞAGADAM” FK

28

13

8

7

46-27

47

4.

“KÖPETDAG” FK

28

11

8

9

33-27

41

5.

“AŞGABAT” FK

28

10

6

12

35-45

36

6.

“MERW” FK

28

8

4

16

29-45

28

7.

“NEBITÇI” FK

28

7

3

18

30-60

24

8.

“ENERGETIK” FK

28

3

3

22

23-79

12

Ýene degişli makalalar

Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär
TÝL ― 2023: täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda Köpetdag Şagadamy ýeňdi
Arslan Goşşanow Arkadag futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: şu gün çärýek final duşuşyklary geçiriler