Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Bunýodkory uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Bunýodkory uly hasap bilen ýeňdi

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy ýerli “Bunýodkor” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Ýygyndy toparymyzyň doly artykmaçlygynda geçen bu duşuşykda futzalçylarymyz garşydaşyny 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Maksat Amanow, Gurbangeldi Sähedow (2), Allamyrat Gurbanow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow hem-de Kadyr Berenow dagy geçirmegi başardylar.

Aziýanyň Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýurdumyzyň milli ýygyndysy ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 5-nji aprelde Özbegistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda sebitleriň dördüsine bölünen milli ýygyndylaryň 30-sy çykyş eder.Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama duşuşyklarynda “A” toparçada çykyş eder. Ýygyndy toparymyzyň bu tapgyrdaky garşydaşlary Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary bolarlar.

Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň milli ýygyndylary bäsleşerler.

Merkezi we Günorta sebitine wekilçilik edýän ýygyndylaryň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň hemmesi hem Bişkek şäherinde geçiriler.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň birinji duşuşygy 10-njy aprelde geçiriler (Gyrgyz Respublikasy-Türkmenistan). 11-nji aprelde Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşjak ýygyndy toparymyzyň toparçadaky soňky garşydaşy Maldiwleriň ýygyndysy bolar (12-nji aprel).

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy toparlar Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň şu ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljekdigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi
Nejep oglan türkmen filmi Stambulda geçirilýän festiwala gatnaşýar