Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen bagly Kanuna üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen bagly Kanuna üýtgetmeler girizildi

2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda Kanuna gol çekdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992ý., № 9, 77-nji madda) 1-nji maddasynda altyn medaly diýen sözler altyn nyşany diýen sözlere çalşyryldy.

Şeýle-de 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Gahrymany diýen at hakynda Düzgünnamanyň (2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 24-nji madda) üçünji we altynjy böleklerinde altyn medaly diýen sözler altyn nyşany diýen sözlere çalşyryldy.

1999-njy ýylyň 15-nji sentýabryndaky Altyn Aý medalynyň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999ý., No 3, 44-nji madda) adynda we birinji böleginde medalynyň diýen söz nyşanynyň diýen söze çalşyryldy. Şeýle-de şol Kanun bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Altyn Aý medalynyň ýazgysynda (2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde)(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014ý., № 4, 147-nji madda) medalynyň, medaly, Medalyň we Medal diýen sözler degişlilikde nyşanynyň, nyşany, Nyşanyň we Nyşan diýen sözlere çalşyryldy.

Üýtgetmelere laýyklykda, mundan başga-da, 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda Türkmenistanyň Kanunynda (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda; 2017 ý., № 3, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 91-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 47-nji madda, № 4, 132-nji madda; 2022 ý., No 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) 6-njy maddanyň birinji böleginde hem-de 7-nji maddanyň mazmunynda medaly diýen söz altyn nyşany diýen söze çalşyryldy, 9-njy maddanyň 1-nji bendi aýryldy, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji bentler degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji, 9-njy we 10-njy bentler diýlip hasap edildi.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Altyn Aý medalynyň ýazgysyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 147-nji madda) medalynyň diýen söz nyşanynyň diýen söze çalşyryldy.

Kanun gol çekilen pursatyndan güýje girdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Ysraýyl Gazada Metjidi we Buthanany Nyşana Aldy
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Müsürde, Ysraýylly Syýahatçylar Nyşana Alyndy
Siriýanyň Harby Goşuny Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Ukraina, Kerç Bogazynda Rus Tankerini Nyşana Aldy