Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar atly halkara forum maýa goýum dialogynyň meýdançasyna öwrüler

Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar atly halkara forum maýa goýum dialogynyň meýdançasyna öwrüler

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar (IFT 2026) atly halkara forum geçiriler.Bu möhüm işewürlik çäresi telekeçiligi ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan, TMT Consulting Group bilen hyzmatdaşlykda guralýar.Häzirki wagtda gatnaşyjylaryň hasaba alnyşygy dowam edýär, bu bolsa telekeçilere we maýa goýujylara öz gatnaşygyny öňünden tassyklamaga, taslamalary hödürlemäge hem-de iş gepleşikleriniň tertibini düzmäge mümkinçilik berýär.

Hususy pudagy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maýa goýumlaryny çekmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ykdysady syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, IFT 2026 forumynyň geçirilmegi ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik maksatlaryna laýyk gelýär.

IFT 2026 ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda we maýa goýum gurşawyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän hususy pudagy, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaklyga gönükdirilendir.Forumyň işewürlik maksatnamasy senagat önümçiligi, gaýtadan işlemek, oba hojalygy, maldarçylyk, daýhançylyk, ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüşi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mehanizmlerini öz içine alar.

Ýene degişli makalalar

53 gatly kaşaň binanyň gurluşygyna badalga berildi
Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe ylalaşyga gol çekdiler
Türkmenistanda himiýa önümçiligi boýunça maýa goýum taslamalary taýýarlanylýar
Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumy açyldy
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri üstünlikli geçirildi
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler