Türkmenistanyň Milli çempionaty tamamlandy

Futbol boýunça Türkmenistanyň Milli çempionatynyň 28-nji möwsümi tamamlandy. Möwsümiň jemleýji, ýagny 28-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň 3-sinde ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Çempionlygyny ozal yglan eden “Altyn asyr” öz meýdançasynda “Nebitçiden” 2-0 üstün çykdy. Aragatnaşykçylara ýeňiş getiren gollary Welmyrat Ballakow (75) bilen Mihail Titow (87 p) derwezä girizdi.

Kümüş medalyň eýesi “Ahal” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyndan 2-1 asgyn geldi. 33-nji minutda Elman Tagaýewiň goly bilen öňe saýlanan ýer eýelerine 50-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň hem-de 78-nji minutda Daýanç Nuryýewiň gollaryny saklamak başartmady.

Taryhynda 5-nji gezek bürünç medala mynasyp bolan “Şagadam” öz meýdançasynda “Energetikden” 3-0 üstün çykdy. Kenarýaka şäheriniň wekiline ýeňiş getiren gollary Ýunus Orazmämmedow (26), Yhlas Magtymow (44) hem-de Hemra Amanmämmedow (70) dagy girizdi.

“Merw” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky oýunda-da ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Ýer eýeleri ýeňiş goluny oýnuň tamamlanmagyna 5 minut galanda geçirip, möwsümdäki 8-nji ýeňşini gazandy. Oýunda “Merwiň” adyndan Amangeldi Saparow (9) bilen Pirmyrat Gazakow (85), myhmanlardan Elýas Akyýew (77) tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Altyn asyr” 1-nji, “Ahal” 2-nji, “Şagadam” 3-nji orny eýeledi. Çempionatyň öňdäki orunlary geçen ýyl hem-de şu tertipde bolupdy.Soňky tapgyrlara çenli bürünç medal ugrunda ýiti göreş alyp baran “Köpetdag” 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. “Aşgabadyň” 5-nji bolan ýaryşynda “Merw” 6-njy, “Nebitçi” 7-nji ýeri eýeledi.

Bary-ýogy 3 duşuşykda ýeňiş gazanan “Energetik” 8-nji orna mynasyp boldy.

Iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda 35 goly öz adyna ýazdyran “Altyn asyryň” hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 1-nji ýeri eýeledi. Ol bu ugurda 16 gol geçiren 2 futbolçy Yhlas Magtymow (“Şagadam”) bilen Elman Tagaýewden (“Ahal”) ep-esli öňe saýlandy.

The post Türkmenistanyň Milli çempionaty tamamlandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy diýen ada ilkinji gezek Arkadag toparynyň oýunçysy mynasyp boldy
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar