
23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda, Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda, 1 müň sany Toyota Coaster kysymly orta synply we 250 sany Toyota Hiace kysymly kiçi awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Kararlaryň taslamasy hödürlenildi.
Hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, Türkmenistanyň Suw kodeksine hem-de Salgytlar hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Halkara derejede geçiriljek çäreleriň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergini we ylmy maslahaty, Dizaýn — 2022 Aşgabat forumyny we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergini, Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda atly halkara festiwaly; Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.