Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn 19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, iş toparlary tarapyndan raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny goramak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy. Ýurdumyzda sanitariýa işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak, ylmy edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY
20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar