Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän Iran Prože atly sergä gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän Iran Prože atly sergä gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Iran Prože atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Türkmenistan gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, bu iki ýurt sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýar. Esasy ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň beýany hökmünde barha giň gerim alýar.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Iran Prože” sergisi geçiriler
Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Eýranyň Iran Prože atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
Serdar Berdimuhamedow we Mehrdad Bazrpaş türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmen-eýran işewürler maslahaty
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň mejlisi