Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Merkezi Aziýa we AHG-niň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Merkezi Aziýa we AHG-niň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi.Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa görnüşindäki birinji sammitiniň barşynda eden çykyşynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi 1981-nji ýylda döredilýär. Alty ýurt: Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar.

Bu guramanyň Jiddada geçirilen ýokary derejedäki sammitine geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki foruma gatnaşar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türkmenistan we GCC hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary bilen duşuşyk
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy