Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene we ýurduň ähli halkyna Awstriýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Gurbanguly Berdimuhammedow Awstriýanyň Prezidentini gutlady
Türkmenistan Awstriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa bolan saparynyň çäginde üç sany halkara resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi