Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada köp sanly ýaşaýjylar we myhmanlar, Dialog — parahatçylygyň kepili atly Halkara maslahata, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçysy hem-de wekilleri, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow halkyň parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýýarlar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi