Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýörite Hökümet topary hereket edýär. Onuň üstüne ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, şeýle hem degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi. Geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi (Işjeň synçy) berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi
ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Huseýn Norçaýew AFK kubogynyň 2021-nji ýylky möwsüminiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy
Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi