Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de geçen ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Altyn Bürgüt ordeni bilen sylaglanyldy
Gazagystan Respublikasy bilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Astanada türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy