Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Italiýanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi. Duşuşykda Stefano Pontekorwo “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Italiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýin esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LEONARDO S.p.A. KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Robert de Niro 80 ýaşyny kärdeşleri bilen belledi
Belawiýa petek satuwyny we bron hyzmatlaryny wagtlaýynça togtadar