Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Serjio Mattarella Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Döwlet Baştutany öz hatynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligi, özara bähbitliligi we işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklary täze derejelere çykarmak üçin zerur işleri bilelikde dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Italiýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk we Italiýanyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle-de okaň!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine awtobus heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi